Fizika boýunça II açyk halkara olimpiadasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplary ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda onlaýn görnüşde fizika boýunça geçirilen II açyk halkara olimpiadasynyň netijeleri mälim boldy.
Onda bu ýokary okuw jaýynyň talyplarynyň ählisi hem baýrakly orunlara mynasyp boldular. 35 bal toplan Ahmet Abaýew we 32 bala mynasyp bolan Merjen Şöhradowa dagylar ikini orny eýelediler. Orazmuhammet Nurgeldiýew, Leýli Poladowa we Orazbibi Şalarowa dagylara bolsa emin agzalary üçünji orny berdiler.
Olimpiadanyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylaryň 10-syna birinji, 29-syna ikini we 44-sine üçünji orunlar berildi. Birinji orunlaryň 5-sini türkmenistanly, Şonçasyny hem russiýaly talyplar eýelediler.