Moskwada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegine taýýarlyk görülýär
Moskwada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegine taýýarlyk görülýär. Bu barada Türkmenistanyň RF-däki ilçisi Batyr Nyýazlyýew bilen geçiren duşuşygy wagtynda Federasiýa Sowetiniň daşary işler boýunça komitetiniň baştutany Girgoriý Karasin habar berdi, diýip ТАСС ýazýar.
Onuň aýtmagyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň dowamynda Federasiýa Sowetiniň we Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça topary döretmek boýunça aýratyn ylalaşyga gol çekiler.
Şonuň ýaly-da, ol Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýylyň ahyryna çenli Türkmenistana sapar amala aşyrjakdygyny aýtdy.