JEMGYÝET

Halkara Nowruz gününe bagyşlandy

Lebap welaýat kitaphanasynda Milli bahar baýramy ― Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat we Türkmenabat şäher komitetleri gurady. Baýramçylyk çäresine partiýanyň etrap-şäher komitetleriniň işgärleri, işjeň agzalary, ýaşulular, döredijilik işgärleri, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Baýramçylyk duşuşygynyň esasy maksady bu gadymy baýram bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň berjaý edilişini ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden ybarat boldy. Şonuň ýaly-da, ýaşuly eneler Nowruzyň esasy aýratynlygy bolan semeniniň taýýarlanyş aýratynlygy dogrusynda gürrüň berdi. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar kitaphananyň eýwanynda gurnalan kitap sergisine we Türkmenabat şäheriniň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň okuwçylarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan sergisine tomaşa etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: