JEMGYÝET

«Ülkämize Nowruz gelipdir» atly ertirlik geçirildi

 Lebap welaýatynyň Farap şäher kitaphanasynyň işgärleri Çärjew etrabynyň 13-nji çagalar bagynda «Ülkämize Nowruz gelipdir» atly ertirlik geçirildi.

Çagalara agzybirligi öwretmek, Nowruz baýramynyň şatlygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen ertirlikde çagalar baglarynyň körpeleri we terbiýeçileri bu baýrama bagyşlanan goşgulary okadylar, aýdymlary ýerine ýetirdiler we tanslary ýerine ýetirdiler. Kitaphanaçy Saýýara Röwşenowa bolsa olary çagalar üçin niýetlenen kitaplar, olaryň mazmuny bilen tanyşdyrdy. Soňra bu kitaplardan parçalary okap berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: