JEMGYÝET

Lebap welaýatynda pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler

Lebap welaýatynda pagta ýygymyna badalga berildi. Bu gezek jogapkärli möwsümiň başlamagy mynasybetli dabaralar Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň atyzlarynyň birinde boldy. Öňden gelýän däbe görä, ýaşulular pagta ýygymyna ak pata berdiler we täze hasylyň ilkinji kilogramlaryny ýygdylar. 

 

 

Onuň ozalyndan welaýat häkimliginde welaýatyň, etraplaryň daýhan birleşikleriniň, agrosenagat toplumynyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Onda öňde duran pagta ýygymy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hasylyň köp bölegini maşynlaryň kömegi bilen ýygmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin  «МХ—1,8» we «Jon Deere» kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň 308-si «ak altynly meýdanlara çykarylar. Olaryň öndürijilikli işledilmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.  Bu geçen ýyl pagta ýygymynda işledileninden 59 kombaýn köpdür.

 

Bu ýyl welaýatyň pagtaçylary 130 müň gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirdiler we ondan 320 müň tonna gymmat bahaly çig mal ýygyp almagy meýilleşdirýärler.

Ýygnalan pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 46-synda kabul ediler. Hemişe bolşy ýaly, bu ýylyň hasyly hem pagta arassalaýjy kärhanalaryň 11-sinde gaýtadan işleniler.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: