JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda işewürlik ulgamynda özara gatnaşyklary geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-tatarystan işewürlik maslahaty geçirildi.

Oňa Tatarystanyň dürli ykdysady ugurlarda ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan işewürlik maslahatyna birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Onda iki ýurduň, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag ulgamlarynda, söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçiligi babatda Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň pudaklaýyn edaralarynyň we işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň, hususy düzümleriniň we işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy we mundan beýläk-de özara hereket etmegiň meýilnamalary bellenildi. Hususan-da, duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň «Halk market» supermarketler söwda toplumy bilen «Натуральное здоровье» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: