JEMGYÝET

Halaçly okuwçy surat bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aman Möwlamow ýurduň çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleriniň ýaş suratkeşleriniň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginde üçünji baýrakly orna mynasyp boldy. Ol bu ýeňşini bäsleşigiň reňk bilen surat çekmek ugry boýunça gazandy. Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Ýurt abadan — il bagtyýar» at bilen reňk we galam bilen surat çekmek ugurlary boýunça geçirildi.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasynda oňa hödürlenen işler sungat ojagynda sergilendi we giň halk köpçüligine ýetirildi. Bäsleşigiň temasyna laýyklykda, akwarel we grafiki usulda çekilen eserlerde ýangyn howpsuzlygy gullugynyň alyp barýan işleri görkezilýär. Eserlerde ýangyn hadysasy, ot-alaw dörände ondan baş alyp çykmagyň ýollary terbiýeçilik ähmiýetli keşplerde şöhlelenýär.

                                                               

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: