DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýer ýüzüniň ilaty 8 milliarda ýetdi

Bu barada BMG-niň çagalara kömek bermek boýunça adatdan daşary Halkara gaznasyndan habar berildi. Şol habara görä, 8 milliardynjy çaga Ermenistanda dünýä indi.

Bu taryhy waka Ermenistanyň Gegarkunik welaýatynyň Martunin şäherinde hasaba alyndy. Sagdyn doglan bäbegiň agramy 2,9 kilogram, boýy bolsa 49 santimetrdir. Ol Arpi atly gyzjagazdyr. Welaýatyň we şäheriň ýolbaşçylary taryhy waka mynasybetli bu maşgalanyň agzalaryny gutladylar we gyzjagaza aladasyz, bagtly çagalygy arzuw etdiler. «47news«-iň ýazmagyna görä, bu barada BMG-de degişli habar ýaýradyldy. Guramada: «Bu adamzadyň ösüşinde möhüm sepgit» diýlip bellenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: