Bir gije-gündiziň dowamynda 18 — 20 tonna çig mal gaýtadan işlenilýär

Önümçilik kärhanasy Mary şäherinde ýerleşýän «Üç nesile dowamat» hususy kärhanasynda dürli ölçegli, uly göwrümli polietilenden we polipropilenden haltalary öndürilýär.

Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 18 — 20 tonna çig mal gaýtadan işlenilýär. Kärhanada uly göwrümli haltalaryň günde 7 — 9 müňüsi taýýarlanylýar. Polipropilen we polietilen haltalary öndürmek üçin çig malyň agramly bölegini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Gyýanlydaky polimer zawody üpjün edýär. Bu bolsa önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge hem-de taýýar önümiň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsir edýär.

Kärhananyň himiýa önümleri, gurluşyk serişdeleri we beýleki maksatlar üçin niýetlenen haltalary ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector