Dünýä belli «Makheileh» dizaýn studiýasy (ABŞ) ekerançylygyň häzirlikçe täsin görünýän geljekki nusgasynyň ― uçýan ekerançylyk meýdanlarynyň taslamasyny görkezdi. «Uçýan meýdanlar» ylmy tarapdan işlenen we delillendirilen taslamadyr. Olar daşky gurşawy hapalamak, azyk önümlerini uzak aralyklara daşamak we ekerançylyk üçin amatly ýerleriň ýoklugy ýaly meseleleri netijeli çözüp biler.
«Aeroponic 2100» diýlip atlandyrylýan taslamany şäherlerde hem gurnap bolar. Umuman, olaryň gektaryny ulalatmak ýa kiçeltmek adalaryň öz elinde bolar.
«Uçýan meýdanlar» Gün we ýel energiýasy bilen hereket eder. Şeýlelik bilen, Gün energiýasy agyrlyk güýjüni ýokarlandyrmagy üpjün edýän ýylylyga öwrüler, howanyň «uçýan meýdanyň» daşky böleginde gysylmagy oňa gapdallygyna hereket etmäge mümkinçilik berer.
Nurýagdy Salaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.