MEDENIÝET

Halaçly Hezreti Idris babanyň durmuş ýollaryndan parçalar

Türkmen halky rowaýatçyl halk. Ol özüniň geçmiş taryhynda ajaýyp yz galdyran ezdatlary, pirdir- ussatlary hakynda rowaýatlary, gürrüňleri miras galdyryp gidipdir.

Halajyň Gyzylaýak obasynda geçmişden galan Idris baba medresesi diýlip at alan bir ajaýyp bina bar. Bu binany asly Halaçly Hezreti Idris baba gurdurypdyr we bu ýerde çagalara bilim beripdir.

Idris babanyň dogulyşy hakynda Halaç illerinde rowaýatlar gezip ýör. Olaryň birinde aýdylyşy ýaly, irki döwürde bu ýerde bir är-aýal ýaşapdyr. Olaryň perzendi ýok eken. Günlerde bir gün bularyň öýüne üç sany goja myhman gelipdir. Öý eýeleri elleri ýukarak bolansoňlar, birbada aljyrapdyrlar. Olar myhmanlara göwünleriniň açykdygyny ýöne, hödür-kerem eder ýaly zatlarynyň ýokdugyny ýaňzydypdyrlar. Şonda gojalaryň biri torbasyndan bir goşawuç uny olaryň un kendirigine goýupdyr. Öý bikesi hamyr ýuguryp başlapdyr welin, hamyr köpelip barýarmyş diýýärler. Bişirilen çörekler myhmanlara-da, öý eýelerine-de bol-telki ýetipdir. Gojalar gaýtjak wagtlary: «Siziň bir ogluňyz bolar, adyny özümiz dakarys» diýip öý eýeleri bilen hoşlaşypdyrlar.

«Alkyş bilen är gögär, ýagyş bilen ýer» diýlişi ýaly, hakykatdan hem, är-aýalyň ogly bolupdyr. Onuň adyna Muhammet dakypdyrlar. Ol owlak-guzy bakmaga ýarapdyr. Şol wagt hem ýaňky myhman bolan üç goja gelipdir we oglanyň adyna Idris dakyp, öz ýanlary bilen Buhara alyp gidipdirler. «Idris» diýen söz sowatly, ylymly, bilimli diýen manyny berýär. Idrisi Muhammet ajaýyp bilim alyp, öz dogduk mekanyna dolanyp gelipdir we bu ýerde gapysy demirgazyga garap duran medrese gurdurypdyr. Hezreti Idris babalar tebigat ylymlaryndan örän güýçli adam eken. Ol Amyderýanyň haçan joşjakdygyny öňünden bilipdir. Şeýle bolansoň, derýanyň suwy joşup, onuň gurduran binasynyň 30-40 metr ýakynyna gelende-de, binany suw basmandyr.

Bu ýerde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy hem başlangyç bilimi alypdyr. Medresäniň daş-töweregini talyplar üçin hüjreler, kömekçi jaýlar, naharhana tutupdyr. Medrese döwrüniň iň gelim-gidimli ýerine öwrülipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: