Köýtendagda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynda «Arşa galdyň Pyragy Arkadagly Serdar bilen» diýen at bilen döredijilik agşamy geçirildi. Nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan çärä şu etrabyň wekilleri bilen bir hatarda Halaç, Kerki etraplaryndan medeniýet işgärleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.
Çäre mahalynda etrabyň medeniýet işgärleri nusgawy şahyryň keşbini janlandyryp, sahna oýnuny görkezdiler. Köýtendagly sungat ussatlary bolsa, Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary belent owaz bilen ýerine ýetirdiler. Kitaphana işgärleriniň guran kitap sergisi hem çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi tarapyndan öňdebaryjy medeniýet işgärlerine Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.