Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi. Lebap welaýat müdirliginiň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran çäresine Türkmenabat şäherinde we etraplarda çeper döredijilik bilen meşgullanýan adamlar gatnaşdylar.

Onda Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Rüstem Kurbanowyň eseri nakgaşlyk sungaty boýunça, Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Alym Işankulyýewiň grafika boýunça eseri, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, erkin heýkeltaraş Eminjan Şaýmerdanowyň hödürlän işi heýkeltaraşlyk sungaty boýunça, Darganata etrabynyň çagalary sungat mekdebiniň mugallymy Çynar Kusaýewanyň işi amaly-haşam sungaty boýunça, Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Jahangir Haidowyň işi keramika boýunça iň gowulary diýlip yglan edildi.

 Olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector