JEMGYÝET

Farap etrap merkezi kitaphanasy Halkara zenanlar güni mynasybetli duşuşyklary gurady

Farap etrap merkezi kitaphanasy Osty obasyndaky we Jeýhun şäherçesindäki şahamçalary, Garamyş geňeşliginiň oba we Jeýhun şäherçe medeniýet öýleri bilen bilelikde oba zenanlary bilen duşuşyklary gurady.

Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan «Derde derman eneler» atly çärä ýerlerinde ýaşaýan we zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Olaryň öňlerine etrap merkezi kitaphanasynyň işgärleri çykyş edip, Türkmenistanda aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki we maşgaladaky orny, olaryň erkekler bilen bir hatarda deň hukuklardan peýdalanýandyklary, dürli kärlerde we wezipelerde zähmet çekýändikleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

Duşuşyklaryň geçirilýän ýerlerinde çäräniň ady bilen bir kitap sergisi hem guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: