MEDENIÝET

Sakarda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde dabara guraldy. Etrap birleşmesi tarapyndan guralan çärä uly nesliň wekilleri, ýaşlar, önümçiligiň öňdebaryjylary gatnaşdylar.

Dabarada edilen çykyşlar Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň gymmatyna, onuň ýaşlary watançylyk, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetine bagyşlandy. 

Çäräniň dowamy etrabyň medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. Olar akyldar şahyrymyzyň ajaýyp şygyrlaryna düzülen aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: