MEDENIÝET

Türkmen halysyna bolan isleg uly

Jeýhunyň boýunda ýerleşen Lebap diňe bir gymmatly ýüpegi ýa-da datly önümleridir süýji miweleri, dermanlyk ösümlikleri, dagy-düzi bilen däl, ajaýyp sungaty, sungat eserleri bilen hem tanalýar. Öz başlangyjyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, edim-gylymlarymyzyň, el işleriniň inçe syrlarynyň, aýratynlyklarynyň sünnälenilip, kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýetmeginde zenanlaryň hyzmaty uludyr. Olar halkymyzyň taryhyny, gahrymançylygyny, gözel tebigatyny, pähim-parasadyny, milliligini, däp-dessurlaryny dokaýan nepis halylarynyň çitimlerine, göllerine siňdirmegi ussatlarça başarypdyrlar. Türkmen halyçylarynyň on barmagynyň hünärinden dörän müňýyllyklaryň ömür dowamatyna, syrly rowaýatlara öwrülip, dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp sungat eserleri häzirki döwürde özboluşly kämillige eýe bolýar.

Lebapda haly sözi agzalanda, ilki bilen, Halaç, Hojambaz, Kerki etraplarynyň atlary tutulýar. Bu ýerlerde halyçylyk sungaty örän irden bäri meşhurdyr. Has irkiräk döwürlerde hem oba öýlerinde, aýratyn-da, gyş döwründe ýary gijelere çenli daragyň sesi ýaňlanar durar eken. Soňy bilen halyçylyk kärhanalary döräp ugrady. Şolaryň biri Halajyň çeper halyçylyk kärhanasydyr. Kärhana ilhalar önümleri bilen bütin ýurdumyzda tanalýar. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleriň buýrujylaryň isleglerini birkemsiz kanagatlandyrmagy üçin halyçylar yhlasly zähmet çekýärler. Inçe senediň eýeleri bolan gelin-gyzlar öz öndürýän önümleriniň hiline aýratyn üns berýärler. Halyçylaryň arasynda «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada eýe bolanlaryň sany 30-dan aşýar.

Kärhanada halylaryň dürli görnüşleri dokalýar. Bu ýerde hatda ussatlygyň has ýokary derejesini görkezýän iki ýüzli halylaryň dokalýandygyny hem synlap bolýar. Aglabasynyň ululygy 30-40 inedördül metr bolan bu ajaýyp halylara ýurdumyzda isleg örän uly. Çeper elleriň önümi bolan nepis halylara ýurdumyzda we dünýäniň dürli künjeklerinde ýokary baha berilýär. Şonuň üçin hem, kärhananyň haly önümlerine isleg we buýurmalar artmasa,kemmeýär. Öndüren önümlerine islegiň ösmegi halyçylaryň öz kesbine bolan söýgi-sarpasyny joşdurýar. Gelin-gyzlarymyzyň bu ugurdaky şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, tebigy gözelligi, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek bolsa döwrüň möhüm wezipeleriniň biri höküminde orta çykýar. Hut şu maksat bilen ýurdumyzda el hünärine degişli bolan dürli döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip, onda zehinli halyçylaryň çeper elleriniň önümi bolan sungat eserleri  ýurt boýunça geçirilýän bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýeleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: