Halaç etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egriji fabriginde günde 14-16 tonna nah ýüplük öndürilýär. Kärhananyň önümleri Türkmenistanyň dokma fabriklerine, şonuň ýaly-da Türkiýä, Eýrana, Polşa, Ermenistana, Russiýa ugradylýar. Fabrikde häzirki wagtda ýüplükleriň bäş görnüşi, ýagny, daşary ýurt döwletleriň isleglerine görä, 14/1, 17/1, 20/1, 27/1, 34/1 belgili nah ýüplükler öndürilýär Fabrik 2005-nji ýylyň maý aýynda ulanylmaga tabşyrylypdy. Şondan bäri hem bu ýerde öndürilen ýüplükler içerki bazarda hem, daşarky bazarda hem uly islegden peýdalanýar.
Halaç etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egriji fabriginiň önümleri eksport edilýär
11
Mar

