TARYH

TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ ATLY ÝÖRIŞLERI

Türkmen zenanlary 1930-njy ýyllarda şöhratly atly ýörişleri gurap, taryha öz atlaryny ebedilik ýazmagy başardylar. 1936-njy ýylda aýal-gyzlaryň atly ýörişleriniň birnäçesi geçirildi. Olar şol döwrüň ýaşlarynyň gurultaýyna bagyşlanypdyr. Türkmenabat şäheriniň we Farap etrabynyň gyzlary E.Bekiýewa, M.Mürzäýewa, D.Gutlyýewa, G.Çaryýewa we beýlekiler  «Türkmenabat — Aşgabat» aralygynda atly ýöriş guramagyň öňbaşçysy bolup çykyş edipdirler. 1936-njy ýylyň başynda ady agzalan ýerlerden 22 gyzdan ybarat atly topar düzülipdir.

«Aşgabat — Kerki» aralygynda hem türkmen zenanlarynyň atly ýörişi geçirilipdir. Ol 1936-njy ýylyň 10-njy aprelinden 1-nji maýyna çenli aralykda dowam edipdir. Çydamlylygyň we gaýratlylygyň ajaýyp nusgasy — görkezen netijeleri üçin ýörişe gatnaşan zenanlar Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanypdyr.

Häzirki Magtymguly etrabynyň aýal-gyzlarynyň birnäçesiniň gatnaşmagynda 1936-njy ýylyň 12-15-nji fewraly aralygynda Garrygala-Aşgabat atly ýörişi geçirilýär. 1936-njy ýylyň 12-15-nji fewraly aralygynda türkmen gelin-gyzlarynyň Kaka-Aşgabat aralygynda hem atly ýörişi geçirilipdir. Oňa Kaka etrabynyň zähmetkeş aýal-gyzlarynyň 23-si gatnaşypdyr.

1936-njy ýylyň 16-njy fewralynda Aşgabat şäherini adaty bolmadyk baýramçylyk dabarasy gurşap alypdyr. Ýelden ýüwrük, uçarganat atlara atlanan harby lybasly gyzlar ýoluna gül düşelip garşylanypdyr. Magtymguly etrabyndan atly paýtagta giren gyzlary demir ýol wokzalynyň meýdançasynda sazly dabara bilen garşylapdyrlar. Olar «Türkmenabat — Aşgabat», «Kaka — Aşgabat» aralygyna atly ýöriş eden gyzlar bilen deň wagtda garşylanypdyr. Gaýratyň, yhlaslylygyň ajaýyp nusgasyny görkezen türkmen gelin-gyzlarynyň bu duşuşygy täsirli, terbiýeçilik ähmiýetli medeni çäre bolupdyr. Ýörişe gatnaşyjylaryň at üstünde çalasynlyk bilen edýän dürli oýunlaryna, harbylara mahsus başarnyklaryna, atlaryny bökdürip-oýnadyşlaryna höwes bilen tomaşa edipdirler. Şu ýörişlere gatnaşan zenanlara patefon we goşar sagady sowgat berlipdir.

Türkmen zenanlarynyň gatnaşan bu atly ýörişleri taryhyň sahypalaryna mertligiň, dogumlylygyň nyşany bolup girdi. Ahalteke bedewleriniň ynsan üçin hemişe wepaly jandardygyny jümle-jahana subut etdi. Ahalteke bedewleri bilen geçirilen täsin, ýatlanmaga mynasyp medeni-sport çäreleriniň biri hökmünde halk hakydasynda orun aldy. Şol gaýratly zenanlaryň nesilleri öz ene-mamalarynyň görkezen gahrymançylygyna bu günki-günde guwanýarlar, buýsanýarlar.                   

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: