YKDYSADYÝET

«Buýan» obasenagat toplumynyň önümleri uly islege eýe

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Buýan» obasenagat toplumynda 2022-nji ýylda 19 müň tonna töweregi buýan köki taýýarlanyldy.

Kärhanada arassalanylyp baglanan önüminiň 2 müň 963 tonnasy taýýarlanylyp, bu baradaky meýilnama artygy bilen amal edildi. Şeýle hem, 680 tonna töweregi üwelen külke görnüşli gury ekstrakt, 610 tonna töweregi bolsa goýy toşap görnüşli ekstrakt öndürildi.

Kärhanada öndürilýän önümler Hytaýa, Türkiýä, Birleşen Arap Emirliklerine we Serbiýa eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: