JEMGYÝET

Türkmen sinoptikleri bäş günlük okuw geçdiler

Türkmenistanly sinoptikler üçin awtomatiki metereologiki stansiýalaryň hem-de «S-01» we «Vaisala-Krams-4» öňde baryjy habar beriş ulgamlarynyň işini guramaga bagyşlanan bäş günlük okuw geçirildi. Bu barada «turkmenportal.com» habar berýär.

Oňa Lebapdan, Daşoguzdan, Aşgabatdan we Ahaldan meteostansiýalaryň tehnikleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Jemi 15 hünärmen okuw geçdi we sertifikat aldy.

Okuwa gatnaşanlar ygal datçikleriniň diapazony, şemalyň tizligi we ugry, gün radiasiýasy we bulutlaryň peski çäginiň beýikligi, görümiň metereologiki uzaklygynyň ölçenilişi, topragyň temperaturasy barada leksiýalary diňlediler. Her okuw gününde maslahat almak üçin hem ýeterlik wagt bölünip berildi. Okuw Türkmengidrometiň buýurmasy boýunça «Türkmenistanda döwleti dolandyrmagy kämilleşdirmäge ýardam etmek» taslamasynyň inisiatiw topary tarapyndan geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: