YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň hojalyklarynda guşlaryň sany köpelýär, önüm öndürilişi artýar

Lebap welaýatynda şu ýylyň tamamlanan on aýynda ýumurtganyň 199,8 million sanysy öndürilip, ilata ýetirildi. Şunlukda, geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 0,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Häzirki wagtda welaýatyň ähli hojalyklarynda idedilýän guşlaryň baş sany 4,1 milliona golaýlaýar. Berhizlik önüm bolan ýumurtga öndürmekde Halaç etrabynyň hojalyklarynda has önjeýli işlenilýär. Hasabat döwründe etrap boýunça bu önümiň 34,4 million sanysy öndürildi. Bazarlaryň we söwda nokatlarynyň bu önüm bilen barha köp möçberlerde üpjün edilmegi olaryň bölek satuw nyrhynyň hem peselmegine getirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: