YKDYSADYÝET

Şu gün Lebap welaýatynda pagta ýygymyna badalga berildi

 Şu gün Lebap welaýatynda paga ýygymyna dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Ilki bilen welaýat häkimliginde il sylagly ýaşulularyň, şäher we etrap häkimleriniň, olaryň oba hojalygy boýunça orunbasarlarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Pagta ýygymyna badalga bermek bilen baglanyşykly çäreler Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginde bolup geçdi. Il sylagly ýaşulular ak pata berenlerinden soň pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi.

Şu gün pagta kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar hem «ak altynyň» ilkinji tonnalaryny kabul edip başladylar. Welaýatyň hojalyklarynda ýetişdirilen hasyly 11 sany pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlärler.

Şu ýyl lebaply pagtaçylar 130 müň gektar meýdanda pagtanyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Şonça meýdandan 320 müň tonna «ak altyny» almak göz öňünde tutulýar. Möwsümde pagta ýygýan maşynlaryň güýjünden netijeli peýdalanmak hem öňde goýlan esasy maksatlary biri. Atyzlara 308 sany kuwwatly pagta ýygýan kombaýnlary çykarmak meýilleşdirilýär. Olaryň 218-si «John Deere 9970», galanlary bolsa «MX-1,8» kysymly maşynlardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: