Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Halaç etabyndaky nah ýüplük egriji fabriginde 43 million 971 müň manatlyk önüm öndürildi

Nov 6, 2021

Halaç etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egriji fabriginde geçen on aýda 43 million 971 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu meýilnamada görkezileninden 34 million 557 müň manatlyk köpdür.

Netijede, ýüplügiň 4350 tonnasy öndürilip, ösüş depgini 149.5, göterime barabar boldy.

Bu ýerde NM-34/1, NM-20/1, NM-17/1, NM-27/1 we NM-14/1 görnüşli ýüplükler öndürilýär. Önümiň 60 göterimden gowragy Türkiýe, Polşa, Eýrana, Ermenistana, Russiýa iberildi.

Adblock
detector