YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümi döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almagy hakynda» Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, daşary ýurtly kompaniýalar bilen zerur enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada şertnamalary baglaşmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň bökdençsiz işlemegine mümkinçilik berer.

Zawodlaryň önümleri ýurduň içinde hem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: