YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda geçen ýyl meýilnama iki essä ýakyn ýerine ýetirildi

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda 2022-nji ýylda 3 million 526 müň manatlyga ýakyn  iş ýerine ýetirildi. Bu ýylyň başynda göz öňünde tutulanyndan iki essä ýakyn kändir. Has takygy, meýilleşdirileninden 1 million 656 müň manatlyga ýakyn önüm kän öndürildi.

Zawodda traktorlaryň, kombaýnlaryň şaýlarynyň käbir görnüşlerini, oba hojalyk tehnikalaryň şaýlaryny ýasaýarlar. Şu günler kärhanada gowaça ekişinde we beýleki oba hojalyk işlerinde ulanylýan tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýärler. Käbir şaýlaryny dikeltmek bilen, olaryň ulanylyş möhletini uzaldýarlar. Bu bolsa oba hojalyk işlerinde wagtynda we agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilmegine ýardam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: