JEMGYÝET

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti döredijilik bäsleşigini yglan etdi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylda ulanmaga berlen iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň hemde desgalaryň açylyş dabaralaryndan pursatlary beýan etmek, şeýle-de täze açylan binalaryň aýratynlyklaryny filmleriň we wideorolikleriň üsti bilen açyp görkezmek maksady bilen, bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Hödürlenen filmlere we wideoroliklere döredijilik aýratynlygy, ýokary çeperçilik, reňk we yşyklandyryş, saz bezegi, many-mazmuny boýunça baha berler. Şu talaplar boýunça ýeňiji bolanlara bäsleşigiň baş baýragy (Gran-pri) we eminler toparynyň baýragy gowşurylar.

Şeýle hem, iň gowy režissýorlyk işi; iň gowy operatorlyk işi; iň gowy saz bezegi; iň gowy montaž bezegi ugurlary boýunça ýeňijiler kesgitleniler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: