YKDYSADYÝET

«Lebapawtoulaglary» önümçilik birleşigine degişli awtoulaglaryň 218-si bugdaý hasylyny daşamaga gatnaşdyryldy

Şu ýylyň bugdaý hasylyny daşamaga «Lebapawtoulaglary» önümçilik birleşigine degişli awtoulaglaryň 218-si gatnaşdyryldy. Bu göz öňünde tutulanyndan 11 maşyn köpdür.

Galla oragyna welaýat boýunça maşynlaryň 2200 töweregi gatnaşdyryldy we olaryň kömegi bilen ýygnalan hasyl kabul ediş nokatlarynyň 35-sine daşaldy. Orak döwründe kombaýnçylaryň, sürüjileriň netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredildi.

«Lebapawtoulaglary» önümçilik birleşiginiň sürüjileri halk hojalygyna degişli dürli maksatly ýükleri daşamaga özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň paýyna gurluşyk materiallaryny, dökünleri, azyk önümlerini we beýlekileri daşamak düşýär. Sürüjiler «Aşgabat — Türkmenabat» awtobanynyň gurluşygyna hem işjeň gatnaşýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: