DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Howadan uglewodorod ýangyjyny almagy öwrendiler

Şweýsariýanyň we Germaniýanyň alymlary gün energiýasynyň kömegi bilen howadan ýangyç öndürýän tehnologiýany işläp taýýarladylar we synag geçirmek üçin bu enjamy ýygnadylar, diýip, Russiýanyň «Новости» habarlar agentligi ýazýar.

Institutyň üçeginde synag üçin oturdylan ulgam gämileriň we uçarlaryň ulanyp biljek ekologiki taýdan arassa uglewodorod ýangyjyny öndürýär. Bu hakyndaky makala «Nature» žurnalynda çap edildi.

Synagdan geçirilýän ulgam dürli howa şertlerinde durnukly işleýär. Yzygider gün düşüp duran wagty ol ýedi iş sagadynyň dowamynda 32 millilitr metanol öndürýär.

Alymlaryň hasaplamalaryna görä, dünýäniň awiasion kerosine bolan islegini ödemek üçin (ol 2019-njy ýylda 414 milliard litre barabar boldy) umumy meýdany 45 müň inedördül kilometre barabar bolan ýerde gün ýangyjyny öndürýän zawod gurmaly. Bu Sahara çölüniň tutýan meýdanynyň 0,5%-ne barabardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: