TÜRKMENISTAN HABARLARY

Gurbanguly Berdimuhamedow: «Türkmen ýaşlary hakyky türkmen bolup dünýä çykmalydyr»

Maslahat köşgünde geçirilen umumy okuw sapagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler barada giňişleýin gürrüň edip, ýaşlara ençeme sargytlary berdi.

 Adamzat jemgyýetiniň taryhyna nazar aýlanyňda, ylym-bilimiň ösüşiň möhüm şerti bolandygyny görmek bolýar. Şoňa görä-de, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarys — diýmek bilen, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerine guwanýandygyny, ýaşlarymyzyň geljekde-de halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny has belende göterjekdiklerine berk ynanýandygyny buýsanç bilen belledi.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir. Ýaşlarymyz bu hakykata göz ýetirmelidirler. Ýadawsyz zähmet, bilimleri we hünärleri yhlasly ele almak, tejribe toplamak kämillige eltýän ýoldur. Ýaş nesillerimizde halkymyzyň iň oňat, iň gözel, iň belent ahlagy jemlenmelidir. Ynsanyň edebi altyndan gymmatdyr, gymmatbaha daşlardan owadandyr.

Ýaşlar, siz pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam edip, ýagşy gylyk-häsiýetleriňiz, adamkärçiligiňiz, başarnygyňyz bilen tanalyp, hakyky türkmen bolup dünýä çykmalysyňyz! Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň akyly jöwher dek ýiti bolmalydyr. Çünki siz özüni taýsyz zehini bilen dünýä tanadan halkyň neslisiňiz. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň ýüzi nurana bolmalydyr. Çünki siz ynsanperwerligiň belent däplerini dünýä ýaýan ynsanlaryň neslisiňiz. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň süňňi sap bolmalydyr. Çünki siz beden hem-de ruhy taýdan päkligiň belent kadalary bilen dünýäni haýrana goýan milletiň neslisiňiz — diýip, döwlet Baştutany ýaşlara öwüt-nesihatlaryny berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: