TÜRKMENISTAN HABARLARY

Dostluk galla önümleri kärhanasynda 25,5 müň tonna ýakyn un öndürildi

Lebap welaýatynyň Döwetli etrabyndaky Dostluk galla önümleri kärhanasynda ýylyň başyndan 25462 tonna un öndürildi. Netijede on bir aýlyk meýilnama üstünlikli berjaý edildi.
Önümiň 6111 tonnasy ýokary, 16945 tonnasy bolsa birinji sortly undur. Kärhanada bulardan başga-da çörek we çörek önümleriniň 1100 tonnasy, tüwiniň hem 809 tonnasy öndürildi.
Kärhananyň önümleri ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Onuň zähmetkeşleri alyjylary gowy hilli önümler bilen üpjün etmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply