Gender deňligi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezinde Türkmenistanda maşgala zorlugynyň öňüni almak we jenaýat jogapkärçiligine çekmek barada iki günlük onlaýn çekişme açyldy. Bu çäre «Türkmenistanyň maşgaladaky zorlugyň öňüni almak we jenaýat jogapkärçiligine çekmek baradaky tagallalaryna goldaw» Merkeziniň taslamasynyň çäginde gurnaldy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr».
Bu çärä Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, Ýokary gözegçilik edarasynyň, Zenanlar birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre aýal-gyzlara garşy maşgaladaky zorlugyň öňüni almak babatynda öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin platforma bolup hyzmat etdi we maşgaladaky zorlugy jenaýat saýmagyň kanuny binýadyny has-da kämilleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Gyrgyzystanly, Ukrainaly we Bolgariýaly halkara bilermenler öz ýurtlarynyň hukuk we prosessual resminamalary bilen tanyşdyrdylar hem-de GDA-nyň çäklerinde, şol sanda Türkmenistanda-da maşgala zorlugyny jenaýat jogapkärçiligi diýip bilmek babatynda hereket edýän kanunçylyga üýtgetmeler we goşmaçalar bilen baglanyşykly häzirki ýagdaýy we üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmaga ýardam etdiler.