TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda gowaça ekişine girişildi

Lebap welaýatynyň hojalyklarynda gowaça ekişine badalga berildi. Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde bu çärä bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatda ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak, iş döwründe tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanmak, tohumy agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ekmek we beýleki meselelere seredildi.
Ýaşulular ýaş ekişine pata berenlerinden soň ekişe girişildi. Bu möwsümde ekijileriň 325-siniň çykarylmagy meýilleşdirilýär. Etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň hünärmenleriniň tagallalary bilen bilen olaryň ählisi hem bireýýäm doly abatlanyldy we ulanmaga taýýar edilip goýuldy. Olaryň 21-si «Monosem NG Plus 4» kysymly takyk ekijilerdir. Bu ekiji bir bada sekiz hatara agrotehnikanyň talap edýän çuňlugyna we takyk aralyga tohum taşlaýar hem-de topragy zerur bolan derejede dykyzlaýar. Ol ýeriň relýefini takyk yzarlamak bilen tohumyň doly gögerip çykmagyny üpjün edýär.
Lebap welaýaty boýunça 130 müň gektar meýdana gowaça ekmek we onda alymyzdaky güýzde 320 müň tonna pagta ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply