JEMGYÝET

«Türkmenaragatnaşyk» BAE-niň kompaniýasyndan enjamlary satyn alar

3-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Beat Trade FZE” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu resminamanyň maksady “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: