JEMGYÝET

«Gündogdy» hususy kärhanasy Halkara howa menziliniň toplumyny gurar

«Gündogdy» hususy kärhanasy Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň toplumyny gurar. Türkmenistanyň Prezidenti özüniň Karary bilen Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine bu hususy kärhana bilen binanyň taslamasyny düzmek we gurmak barada şertnama baglaşmaga rugsat berdi.

Halkara howa menziliniň toplumy sagatda 100 ýolagça hyzmat eder. Şonuň ýaly-da, hususy kärhana Halkara howa menziliniň toplumy üçin eltiji awtomobil ýollaryny, aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny hem  gurar we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirer.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Halkara howa menziliniň toplumyny 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

«Gündogdy» hususy kärhanasy şeýle binalary gurmakda uly tejribe toplady. Ozal onuň hünärmenleri Türkmenabat we Kerki şäherlerinde Halkara howa menzillerini gurdular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: