JEMGYÝET

Bereket etrabynda täze şäherçe guruldy  

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde gurlan täze şäherçe açylyp ulanylmaga berildi. «Galkynyş» atly bu döwrebap şäherçe jemi 300 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryndan ybaratdyr. Şeýle hem şäherçäniň çäginde 160 çaga niýetlenen çagalar bagynyň, 320 orunlyk orta bilim berýän mekdebiň, 200 orunlyk Medeniýet öýüniň hem binalary bar. Bulardan başga-da, aragatnaşyk öýi, söwda dükanlary, elektrik we suw geçirijiler, dynç alyş seýilgähi we metjit şäheriň ýaşaýjylaryna hyzmat eder. Şäherçedäki öýler 1 gatly bolup, olar 3 we 4 otaglydyr.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: