YKDYSADYÝET

«Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş.» türk kompaniýasy Türkmenistanda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurar

Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurar. Türkmenistanyň Prezidenti Karary bilen Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna bu kompaniýa bilen binany gurmak barada şertnama baglaşmaga rugsat berdi.

Ol binanyň taslamasyny hem düzer. Şonuň ýaly-da, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrar, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurar, umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirer. «Serdar» elektrik bekedinden köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyna çenli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary hem-de materiallary satyn almak bu kompaniýanyň üstüne ýüklenilýär.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlarlar. Elektrik stansiýasyny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: