Gökdepeli telekeçi biogumus öndürýär
Telekeçi Bäşim Bekiýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän fermasynda oba hojalygynda ulanylýan organiki garyndylary gaýtadan işläp, ekologiýa taýdan arassa dökün öndürmegiň agrobiologik tehnologiýasyny işe girizdi. Bu barada «Rysgal» gazeti şeýle ýazýar.
Bu döküniň önümçiliginde kaliforniýa (kompost) gurçuklary ulanylýar. Bu ýerde 2018-nji ýyldan bäri biogumus önümçiligi alnyp barylýar. Häzirki wagtda telekeçiniň 400 tonna golaý kompost gurçugy bar. Biogumus özünde ösümliklere gerek bolan maddalary, makro- we mikroelementleri, ösümligiň ösüşini tebigy kadalaşdyryjylary jemleýär.
Öndürilýän biogumus «Altyn toprak» haryt nyşany bilen satuwa çykarylýar. Çig maly taýýarlamak üçin bölüji we biogumusy granula öwrüji ýörite enjamlary ornaşdyrmagyň hasabyna, onuň önümçiligini ýylda 1 müň tonna çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.