Lebaply ýaşlaryň altysy Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular
Lebaply ýaşlaryň altysy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi. Olar Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň çagalar anesteziologiýa-reanimasiýa bölüminiň anesteziolog-reanimatolog lukmany Alişer Ýalkapow, Türkmenistanyň guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň türgeni Jemal Owlýakulyýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigy bilimleri fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Döwran Ahmedow, «Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy Merjen Kadyrowa, Köýtendag etrabyndaky 55-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Bahram Haýdarow we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň psihologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy Alym Joraýewdir.