JEMGYÝET

«Şowhun» sirk topary Türkmenabatda saparda boldy

 Ahal welaýatynyň «Şowhun» sirk topary geçen hepdäniň dynç alyş günlerinde biziň Lebap welaýatynda döredijilik saparynda boldy.

Altyntäç Gulnyýazowanyň ýolbaşçylygyndaky toparyň çykyşlary Türkmenabat şäher medeniýet merkezinde guraldy. Öz taýýarlan meýilnamasyna laýyklykda artistler eldekileşdirilen dürli ýabany haýwanlar bilen çykyşlary görkezdiler, hokgabazlar oýunlary ýerine ýetirdiler. Şonuň ýaly-da gözbagçylar, wäşiler degişme çykyşlary bilen tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar.

Üç günläp dowam eden sirk çykyşlaryna sungat muşdaklary höwes bilen tomaşa etdiler. Döredijilik saparynyň dowamynda myhmanlar ýerli kärdeşleri bilen özara tejribe alyşdylar. Döredijilik sapary ilata medeni hyzmatyň ýola goýluşyny has-da gowulandyrmakda, artistleriň ussatlyk derejesini artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: