BIZE YAZYARLAR

Gymmatlyga öwrülen gyzyklanmalar

Segsen-togsan ýaşan adamy uzak ömür süren adam hasaplaýarlar. Bar, ol ýüz ýaşan ekeni-dä! Ýüz ýyl diýeniňem bir müň iki ýüz aý bolýar. Onuň üçden biri çagalyk, kämillige taýýarlyk, üçden birem garrylyk.
Häzirki zaman adamyň işi, derdeseri, güýmenjesi gaty kän. Aýyň başlanany ýaňy ýaly, eýýäm görseň aýagydyr. Günler, hepdeler, aýlar, ýyllar çalt geçýär.
Ýöne şol gysgajyk ömrem geçirip bilmän kösenip ýörenler gaty köp. Şonuň üçinem, biri hatyň suratly belgisini, ýene biri kükürt gabyny, ýene biri galamlaryň dürli görnüşini ýygnaýar. Häzir çilimden uçara, dürli-dürli maşynlara çenli, kompasdan her hili gurallara çenli kolleksiýa edilmeýän zat ýok. Mysal üçin, Luidji Galwini lukmançylygyň gapdalyndan fizika dersine degişli zatlary ýygnap başlaýar. Ol elektrik toguny açyp, adamzada täze bir ýagty dünýäni bagyş edýär. Harby lukman Dal bolsa sözleri, nakyllary ýygnap başlaýar. Ömrüniň ahyrynda ol onuň esasy işine öwrülýär. Şeýlelikde, lukman Dal 200 müňden ybarat rus diliniň sözlügini düzýär, ondan daşgaram otuz müň nakyly toplaýar.
Mundan iki ýarym asyr ozal imperator Pýotr-I geň-taň zatlary ýygnadyp başlaýar. Häzire çenli ýygnalan zatlar üç ýüz müňe barypdyr, olar Ermitažda saklanýar. Şol Ermitaža bolsa girmek, görmek ullakan bagt hasap edilýär.
Suratkeş Wereşagin Orta Aziýa halklarynyň durmuşyna degişli zatlary – hyrlylardan gezlige, degirmenden dutara çenli ýygnaýar. Ol Zakaspä ýöriş eden rus goşunlarynyň ýany bilen gelip türkmenleriň suratyny, pajygaly uruşda wepat bolanlaryň suratyny hem çekýär. Tersine, P.Tretýakow täjirdigine garamazdan, meşhur suratkeşleriň gowy, kämil suratlaryny satyn alyp, gymmatbaha kolleksiýa ýygnaýar. Ölüminiň öňýanynda bolsa ol janyndan eý görýän kolleksiýasyny şähere bagyş edýär. Häzirki dünýä meşhur Tretýakow galereýasynyň düýp hamyrmaýasy, esasy şol täjiriňki. Täjiri «ikinji güýmenjesi» ölmez-ýitmez şahsyýete öwürdi…
Görnükli alym, edebiýaty öwreniji Mämmetguly Annagurdowy tanamaýan ýok bolsa gerek. Ol XX asyryň başynda türkmen medeniýetiniň, metbugatynyň ösmegine, kämilleşmegine önjeýli goşant goşan şahsyýet. Ol bütin ömrüne kitap ýygnapdyr. Soňam şol ýygnan kitaplarynyň üç müňden gowragyny Türkmenistanyň baş kitaphanasyna sowgat beripdir. Onuň kitaphana sowgat beren kitaplarynyň içinde Türkmenistanyň hiç bir kitaphanasynda ýok kitaplaryň hem ençemesi bar. Alymyň ol kitaplary türkmen halky üçin bahasyny hiç bir gymmatlyk bilen ölçäp bolmajak gymmatly baýlykdyr.

Döwletgeldi Öwezgeldiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: