JEMGYÝET

«Tesla» elektromobil öndürmekde öňde barýar

Soňky ýyllarda elektromobiller dünýä bazarynda öz ornuny has hem giňeldip barýar. Bu ýagdaý, esasan hem, Ýewropa ýurtlaryna mahsusdyr. 2020—2021-nji ýyllaryň ýagdaýyna göz aýlanymyzda, «Teslanyň» elektromobil öndürmekde öňdeligi elden bermeýändigini anyk görmek bolýar. Bu barada «sud.ua» ýazýar.

Özi-de, kompaniýanyň brendeleri satuwda-da birinjiligi entäk elden bererli däl. Kompaniýaň ulaglary eýýäm birnäçe gezek dünýäde iň köp satylan elektromobiller diýlip yglan edildi. Şanhaýdaky zawodynyň açylmagy bilen bolsa «Tesla» Hytaýda-da birinji orna geçdi. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2021-nji ýylda bu maşynlaryň öndürilişi 114% artdy. Iň köp isleg bildirilýän «Tesla Model 3»-iň garşydaşy bolsa «Wuling HongGuang Mini EV». Bu ugurda üçinji orun «Tesla Model Y» degişlidir. Dördünji we bäşinji orunlarda «Volkswagen ID.4» we «BYD Han EV» dur.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: