Şu ýyl Lebapda näçeräk agyz suwy sarp edildi?
Şu ýylyň geçen on aýynda Lebap welaýaty boýunça ilata agyz suwunyň 30 million 622,9 müň kub metri berildi. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi.
Şol bir wagtyň özünde ulgamy abatlamak bilen baglanyşykly işler hem guramaçylykly dowam edýär.
Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe suw geçirijileriň 1,5 kilometre golaý aralygy täzelenildi. Şeýle işler lagym ulgamynda hem ýerine ýetirildi.