TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryna boş iş orunlary hödürlenilýär

Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi welaýatyň çäklerindäki kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň aşakdaky hünärler boýunça işe çagyrýandygyny habar berdi. 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyryna berlen maglumatlaryň esasynda taýýarlanan bildiriş «Türkmen gündogary» gazetinde çap edildi. Onda aşakdaky boş iş orunlarynyň bardygy ilatyň dykgatyna ýetirilýär:
ÇÄRJEW ETRABY BOÝUNÇA
Ýokary bilim boýunça: maşgala, epidemiolog lukmanlary, agronom, hasapçy, hukukçy, terbiýeçi, rus dili, iňlis dili mugallymlary;
Başlangyç we orta hünär bilimi boýunça: sürüji, kebşirleýji, mehanizator, elektrik, aşpez, brigadir;
Beýleki hünärler boýunça: kärendeçi, dürli işçi.
Habarlaşmak üçin: Hojagala şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy, telefon belgisi: 800-433-4-56-97.
DARGANATA ETRABY BOÝUNÇA
Ýokary bilim boýunça: otolaringolog, inçekesel, «Tiz kömek» lukmanlary, ykdysatçy, terbiýeçi, tälimçi;
Başlangyç we orta hünär bilimi boýunça: şepagat uýasy, sürüji, elektrik kärendeçi
Habarlaşmak üçin: Darganata şäheriniň H.Babaýew köçe siniň 12-nji jaýy, telefon belgisi: 800-445-21-5-
DÄNEW ETRABY BOÝUNÇA
Ýokary bilim boýunça: sanitar, diş, akuşer, maşgala lukmanlary, hasapçy, terbiýeçi, tälimçi, mehanik, inžener-tehnolog,
Başlangyç we orta hünär bilimi boýunça: sürüji, aşpez, şepagat uýasy, mehanizator;
Beýleki hünärler boýunça: kärendeçi.
Habarlaşmak üçin: Dänew etrabynyň Parahat geňeşliginiň M.Sabirow köçesiniň 11-nji jaýy, telefon belgisi: 800-446-3-19-49.
DÖWLETLI ETRABY BOÝUNÇA
Ýokary bilim boýunça: maşgala, sanitar lukmanlary, ykdysatçy, terbiýeçi, iňlis dili mugallymy, tälimçi;
Başlangyç we orta hünär bilimi boýunça: mehanizator, şepagat uýasy, sürüji, ammarçy;
Beýleki hünärler boýunça: kärendeçi.
Habarlaşmak üçin: Döwletli şäherçesiniň Şaýoly köçesiniň 12-nji jaýy, telefon belgisi: 800-434-2-01-15.
FARAP ETRABY BOÝUNÇA
Ýokary bilim boýunça: maşgala, laborant, newropatolog lukmanlary, terbiýeçi, fizika, himiýa, biologiýa, matematika mugallymlary;
Başlangyç we orta hünär bilimi boýunça: mehanizator, sürüji, satyjy;
Beýleki hünärler boýunça: kärendeçi.
Habarlaşmak üçin: Farap şäheriniň Amyderýa köçesiniň 4-nji jaýy, telefon belgisi: 800-448-22-2-35.
GAZOJAK ŞÄHERI BOÝUNÇA
Ýokary bilim boýunça: akuşer, maşgala, rentgen lukmanlary, ykdysatçy, tälimçi;
Başlangyç we orta hünär bilimi boýunça: burawlaýjynyň kömekçisi;
Beýleki hünärler boýunça: ýükçi.
Habarlaşmak üçin: Gazojak şäheriniň Azady köçesiniň 504-nji jaýy, telefon belgisi: 800-445-51-1-52.
HALAÇ ETRABY BOÝUNÇA
Ýokary bilim boýunça: sanitar, weterinar, maşgala lukmanlary, ykdysatçy, terbiýeçi, tehnolog;
Başlangyç we orta hünär bilimi boýunça: abatlaýjy;
Beýleki hünärler boýunça: kärendeçi, halyçy, betonçy, kerpiç örüji, suwagçy.
Habarlaşmak üçin: Halaç şäheriniň S.Nyýazow köçesiniň 21-nji jaýy, telefon belgisi: 800-441-2-17-72.
HOJAMBAZ ETRABY BOÝUNÇA
Ýokary bilim boýunça: maşgala, akuşer lukmanlary, ykdysatçy, hasapçy, terbiýeçi, tälimçi;
Başlangyç we orta hünär bilimi boýunça: mehanizator, brigadir, sürüji;
Beýleki hünärler boýunça: kärendeçi.
Habarlaşmak üçin: Hojambaz şäheriniň S.A.Nyýazow şaýolunyň 21-nji jaýy, telefon belgisi: 800-442-2-07-87.
KERKI ETRABY BOÝUNÇA
Ýokary bilim boýunça: laborant, weterinar lukmanlary, ykdysatçy, tälimçi, terbiýeçi, iňlis dili mugallymy;
Başlangyç we orta hünär bilimi boýunça: sürüji, mehanizator, santehnik, brigadir, mirap;
Beýleki hünärler boýunça: dürli işçi, kärendeçi, galypçy, suwagçy.
Habarlaşmak üçin: Kerki şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 7-nji jaýy, telefon belgisi: 800-444-2-10-59.
KÖÝTENDAG ETRABY BOÝUNÇA
Ýokary bilim boýunça: maşgala, narkolog, rentgen, weterinar lukmanlary, ykdysatçy, tälimçi, terbiýeçi, agronom, matematika, himiýa mugallymlary;
Başlangyç we orta hünär bilimi boýunça: şepagat uýasy, sürüji, ammarçy, mehanizator, brigadir;
Beýleki hünärler boýunça: dürli işçi, kärendeçi.
Habarlaşmak üçin: Köýtendag şäheriniň Türkmenbaşy köçesiniň 48-nji jaýy, telefon belgileri: 800-440-2-09-33, 2-09-34.
SAÝAT ETRABY BOÝUNÇA
Ýokary bilim boýunça: ykdysatçy, terbiýeçi, maşgala, weterinar lukmanlary
Başlangyç we orta hünär bilimi boýunça: ýonujy, sürüji dürli;
Beýleki hünärler boýunça: işçi, kärendeçi.
Habarlaşmak üçin: Saýat şäheriniň Türkmenabat köçesiniň 39-njy jaýy, telefon belgisi: 800-447-2-35-11;
TÜRKMENABAT ŞÄHERI BOÝUNÇA
Ýokary bilim boýunça: maşgala, rentgenolog, epidemiolog, statist lukmanlary, ykdysatçy, inžener, režissýor, iňlis dili mugallymy;
Başlangyç we orta hünär bilimi boýunça: şepagat uýasy, sürüji, elektrik, kebşirleýji, ýonujy, traktorçy, abatlaýjy;
Beýleki hünärler boýunça: kerpiç örüji, suwagçy, dürli işçi, betonçy.
Habarlaşmak üçin: Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy, telefon belgisi: 800-422-3-17-28.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply