JEMGYÝET

«Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynyň gurluşygy dowam etdirilýär

«Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynyň 2-nji tapgyrynyň gurluşygyna girişildi. Bu işi Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Başhowdangurluşyk» önümçilik dolanyşygy alyp barýar.

Öň Zeit, 2006-njy ýyldan bäri «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» diýlip atlandyrylýan suw howdanynyň 1-nji tapgyrynyň gurluşygy 2015-nji ýylda tamamlanypdy. Onda 2,2 milliard kub metr suw jemlenendir. Bu desga Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Kerki etrabynyň çäginde gurulypdy.

Suw sygymy 1,65 milliard kub metre barabar bolan bu suw howdanynyň 2-nji nobatdakysynyň gurluşygyny 2028-nji ýylda tamamlamak, howdanyň jemi suw sygymyny bolsa, 3,85 milliard kub metre ýetirmek  göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: