JEMGYÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda döredijilik bäsleşigi geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden «El hünäri — il gezer» atly döredijilik bäsleşiginiň deslapky tapgyry geçirildi. Bäsleşige ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşýan talyp ýaşlar halkymyzyň däp-dessurlaryny şöhlelendirýän zergärçilik, küýzegärçilik, heýkeltaraşlyk, el keşde, basma, gaýma ýaly milli el işlerini ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Eli çeper gyzlaryň tiken donlarynyň, tahýalarynyň, ören joraplarynyň, alajalarynyň owadanlygyna we nepisligine aýratyn üns berildi. Talyp ýigitleriň milli senetçilik däplerimiz esasynda taýýarlan zergärçilik, agaç ussaçylygy, demirçilik, küýzegärçilik işlerinde halkymyzyň baý geçmiş mirasy şöhlelendirildi.

Ýeňiji bolan talyplar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: