JEMGYÝET

Türkmenabatdan Moskwa we yzyna howa arkaly yzygiderli ýük gatnawy amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy «Türkmenabat — Moskwa — Türkmenabat» ugry boýunça ýük gatnawyny amala aşyrmaga başlaýar. Bu barada awiakompaniýanyň rus wekilhanasynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, «turkmenportal» habar berýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň «Wkontakt» jemgyýetçilik torundaky habara görä, üstümizdäki aýyň 14-den başlap, her hepdäniň penşenbe günlerinde ýük gatnawy meýilleşdirýär. Ýük gatnawy 2022-nji ýylyň 26-nji martyna çenli dowam eder.

Jemgyýetçilik torundaky habara görä, Т5-795 belgili ýük gatnawyny amala aşyrýan uçar, Türkmenabat şäherinden 5:30-da, Moskwa şäherinden bolsa 8:30-da uçar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: