YKDYSADYÝET

«Täjir ýoly» hususy kärhanasynda ýag, howa, ýangyç süzgüçleri öndürilýär

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän «Täjir ýoly» hususy kärhanasynda her aýda «MBM» haryt nyşanly, ýokary hilli awtoulag süzgüçleriň 200 müňe golaýy öndürilýär.

Bu barada «Rysgal» gazeti habar bermegine görä, kärhanada ýeňil we ýük awtoulaglaryna, gurluşyk hem-de oba hojalyk tehnikalaryna niýetlenilen ýag, howa, ýangyç süzgüçleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Telekeçiler öz öndürýän önümlerini hil gözegçiliginden geçirmek bilen, olary ýurdumyzyň içerki bazarlaryna, şeýle-de welaýatlardaky awtoşaýlar dükanlaryna ugradýarlar. Işewürler ýakyn wagtda öz önümlerini eksport etmegi maksat edinýärler. Bu ugurda häzirki wagtda kärhanada öndürilýän önümleri Täjigistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna eksport etmek boýunça işler amala aşyrylýar. Kärhananyň önümlerine gazak işewürleri hem gyzyklanma bildirýärler.