YKDYSADYÝET

«Galkynyş» gaz käninden her gije-gündizde 1 million 580 müň kub metrden gowrak tebigy gaz alynýar

«Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz käninde hereket edýän gaz guýularyň 45-sinde bir gije-gündiziň dowamynda 1 million 580 müň kub metrden gowrak mawy ýangyç alynýar. Bu barada «Maru-şahu jahan» gazeti habar berýär. 

Şeýle hem müdirligiň gaz guýularynyň ýerasty abatlaýjylary köp ýyllardan bäri gaz berip gelýän guýulary ýokary hilli ýerasty abatlap, olaryň gaz çykaryjylyk mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyny üpjün edýärler. Müdirligiň gazçylary tebigy gazy çykarmakda we senagat taýdan gaýtadan işlemek baradaky tabşyryklary hem birkemsiz berjaý edýärler. Geçen ýylyň 8 aýynda müdirligiň gazçylary  312 million 950 müň  kub metre barabar mawy ýangyjy sarp edijilere ugratmagyň hötdesinden geldiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: