YKDYSADYÝET

«Akar» haryt nyşany bilen öndürilýän joraplaryň möçberi artar

Telekeçi Serdar Annakow jorap önümçiligini 2022-nji ýylda iki esse artdyrmagy, hil we görnüş taýdan döwrebap joraplary öndürmek bilen, eksporty has-da giňeltmegi maksat edinýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär:

«Akar» haryt nyşany bilen öndürilýän joraplar häzirki wagtda diňe bir türkmenistanly raýatlaryň däl, şol bir wagtda daşary ýurt raýatlarynyň islegli harytlaryna öwrüldi. Muny 2021-nji ýylda kärhana tarapyndan öndürilen 5 milliondan gowrak jübüt joraplaryň 4 milliondan gowragynyň eksport edilmegi aýdyň tassyklaýar. Joraplary öndürmek üçin ulanylýan çig mal bolup Türkmenistanda ýetişdirilen pagta hyzmat edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: