JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

2022-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewa gynanç hatyny iberdi, diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Döwlet Baştutany soňky günlerde bolup geçen pajygaly wakalaryň köp adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi bilen baglylykda K.Tokaýewa hem-de ähli Gazagystanyň halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi.

Gurban bolanlaryň ähli dogan garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem öz adyndan Türkmenistanyň Prezidenti gynanjyny we medet beriji sözleri, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: